RAŞIZM’e garşy resmi ganatdan näme üçin ses çykanok #3

GM’niň geçenki oturumymda: Raşizm, Türkmenistan’yň düýn we şu gün betbagtçylyga düşmegindäki esasy oýunçy diňlenşiginiň geçirildi.

GM’niň gün tertibi: Raşizm meselesiniň diňlenşiginiň dowamy.
Mejlis agzalaryna şeýle sorag bilen ýüzlenildi: Türkmenistan’da, halk köpçiligi näme üçin Raşizm’e garşy çykmaýar?

Bu sorag boýunça mejlis agzalary öz pikirlerini aýtdylar:

  • “Raşizm’e hyzmat etjek wepaly we ýerli ýasama elit gatlagyň döredilmegi we halk köpçüligine bu ýasama elitleri görelde edip görkezilmegi ýurtda Raşizm’iň barlygy hakykatynyň öňüni ýapyk tutýar”
  • “Rus imperiýasy Türkmen ýurdynda, sömürgesiniň ilkinji ýyllaryndan başlap ýerli ýaşaýjylaryň topraklaryny ellerinden almaklary, ýerli halkyň öz ýurdyna bolan söýgüsini we bagyny gopardy”

Mejlisiň dowamynda bu adamlar barada hem aýdyldy:

  • “Prezidenti” gabagda tutýan ohrana (Kremil’iň goragçylary) Tigurow we ýurtdan talaň edilen pullary aklamak boýunça iş ýöredýänler bolsa Igor Makarow, Berdimyrat Rejepow, Meýmänow ýalylar.
  • “Iň nadan, bilimsiz, ahlaksyz bolan adamlaryň Türkmenistan’yň halk maslahatyna getirilmegi guramaçylykly edilýän işdir”
  • “Türkmenistan’da, ýerli halky fasad hökmünde ulanyp, Raşizm’iň gizlenmegi halk köpçüliginiň pikir edip bilmeginiň öňüni alýar”
  • “Türkmenistan’yň intellektual gatlagy, Raşizm’e garşylyk görkezmek babatynda öz goşantlaryny goşmalydyrlar”
  • “Rus imperiýasy Türkmen topraklaryny basyp alandan bäri resurslarymyzy sömürip gelýär, muňa delil bolsa Ufra’daky (häzirki ady Türkmenbaşy) deňiz porty mysal bolup biler”
  • “Her bir ýurtdaş Raşizm’e garşy durmalydyr, şu ýagdaýda intellektual gatlakdan ses çykarmaýanlar ýurt dönükleridir”

Bu sanky mejlis ýygnanşygy tamamlandy.

Taryhy: 07.02.2023

https://www.youtube.com/watch?v=Q7dVxrWylOQ&list=PLi1ZN-90Wg0X7vS4tfjLMrvUx93lD8uy5&index=27&ab_channel=T%C3%BCrkmenistan-HSM


Yorumlar

Bir yanıt yazın

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir